Tramp ABŞ-da dogluş hukugy boýunça raýatlyk berilmegini çäklendirýän kararlara gol çekdi

08.08.2026, 14:339,301

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dogluş hukugy boýunça amerikan raýatlygyny almaklyga çäklendirmeleri girizmäge we "dogluş syýahatçylygyna" garşy göreşmäge gönükdirilen iki sany ýerine ýetiriji karara gol çekdi. Bu barada Ak tamyň resmi saýtynda habar berilýär.

Birinji kararda ABŞ-nyň çäginde doglan hem bolsa, çagalary dogluş boýunça raýatlyga dalaş edip bilmejek daşary ýurtlularyň käbir aýratyn toparlaryny sanalyp geçilýär. Olara aşakdakylar degişlidir:

  • Daşary ýurt hökümetleriniň işgärleriniň [ýagny, diplomatlaryň] çagalary;
  • Raýatlygy almak üçin "kezzaplyga ýüz uran" ene-atalaryň çagalary;
  • "Duşmançylykly daşary ýurtlular" (alien enemies) diýlip yglan edilen adamlaryň çagalary.

Ikinji düzgünnama bolsa, çagalaryna amerikan raýatlygyny almak maksady bilen, göwreli zenanlaryň ABŞ-a ýöriteläp çaga dogurmak üçin gelýän "dogluş syýahatçylygyna" garşy gönükdirilendir.

ABŞ-da doglan çagalara raýatlygy kepillendirýän, 1868-nji ýylda kabul edilen konstitusion düzedişe düşündiriş berip, Tramp şeýle diýdi:

"Ol düzgün bada-bat Raýatlyk urşundan soň girizilipdi. Ol gullaryň çagalary üçin niýetlenipdi, indi bolsa näme bolýar? Adamlar bu düzgünden peýdalanyp, giden biznes gurup ýörler".

Dogluş hukugy boýunça raýatlygy çäklendirmek baradaky düzgünnama Tramp ilki 2025-nji ýylyň ýanwarynda, prezidentlik möhletiniň ilkinji gününde immigrasiýa syýasatyny güýçlendirmek çäreleriniň çäginde gol çekipdi. 2026-njy ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti bu synanyşygy sesleriň artyklygy bilen ret etdi (kazylaryň altysy onuň ret edilmegine, üçüsi bolsa kabul edilmegine ses berdi).

Häzirki kararlar kazyýet tarapyndan ýatyrylan öňki resminamadan çygrynyň çäkliligi bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde, ABC News-yň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň raýatlygyny almaga hukugy bolan adamlaryň toparyny çäklendirmek boýunça islendik synanyşyklar ýene-de kazyýet çekişmelerine sebäp bolmagy ähtimal.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.