ABŞ-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

05.08.2026, 14:045,103
1 / 3

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diego şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Çäre Fit International kompaniýasy tarapyndan guraldy.

Baýramçylyga ýerli häkimiýetleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew hem çäräniň myhmany boldy. Ol ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi hem-de iki ýurduň şanly seneleriniň bellenilmeginiň döwletleriň arasyndaky özygtyýarlylygyň, milli özboluşlylygyň, parahatçylykly ösüşiň we özara sarpanyň ähmiýetini görkezýändigini belledi.

Çäräniň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Gatnaşyjylaryň öňünde Fit International kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Edwards hem çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň halkyny şu ýyl belleniljek Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlary bilen gutlady we ýurda parahatçylyk, abadançylyk hem mundan beýläk-de ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.