$100 müňe Trampyň pikirini tiz bilip bolar: Truth Social sosial tory näme hödürleýär?

04.08.2026, 09:497,559

Trump Media & Technology Group (TMTG) kompaniýasy institusional maýadarlara Truth Social sosial torundaky neşirler, ilkinji nobatda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň paýlaşýan postlary bilen çaltlaşdyrylan tertipde tanyşmaga mümkinçilik berýän tölegli Truth API hyzmatyny işe girizdi. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär.

Şertnamanyň şertlerine baglylykda şeýle hyzmatyň bahasy aýda 100 müň dollara çenli ýetýär, üçýyllyk ylalaşyk baglaşylanda bolsa ol 60 müň dollara çenli arzanlap biler.

Hyzmatyň işe girizilendigi barada resmi taýdan 16-njy iýulda yglan edildi, ýöne ol 1-nji awgustda işläp başlady we häzir gije-gündizleýin işleýär. Ol platformadaky iň meşhur on sany akkauntyň neşirlerine, şeýle hem 2022-nji ýyldan bärki habarlaryň arhiwine elýeterlilik berýär. Bu ýerde akkauntynyň 13 mln agzasy bolan ABŞ-nyň Prezidenti öz pikirleri we meýilnamalary bilen işjeň paýlaşýar.

Şol bir wagtyň özünde Trump Media kompaniýasynda postlaryň çap edilmezden öň elýeterli bolmaýandygyna ynandyrýarlar — hyzmatdan peýdalanyjylar olary «adaty lentadakydan diňe birnäçe millisekunt öň» alýar.

TMTG-niň wagtlaýyn baş direktory Kewin MakGern «bazarlaryň eýýäm Truth Social-daky postlara seslenýändigini», täze hyzmatyň bolsa iň möhüm neşirlere hakyky wagt tertibinde ygtyýarly elýeterliligi üpjün edýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu şeýle hem kompaniýanyň durnukly we ýokary girdejili gazanç almak strategiýasynyň bir bölegidir.

TMTG-niň maglumatlaryna görä, resmi taýdan işe girizilmezden öň hem birnäçe müşderi bu abunany öňünden eýeledi.

Hyzmatyň işe girizilmegi ABŞ-da tankyda getirdi. NPR tarapyndan pikiri soralan hünärmenler şeýle biznes-modeli insaýderlik söwdasy baradaky kanuna garşy gelip biler diýip hasaplaýar.

TMTG-niň metbugat sekretary Şannon Dewin şeýle aýyplamalara ýaňsy bilen jogap berdi:

«Truth API müşderilere Truth-yň köpçülige açyk maglumatlaryny almagyň iň çalt ýoluny hödürleýär. Tankytçylar umumy elýeterli maglumatlara esaslanan täze “insaýderlik söwdasy” teoriýasyny oýlap tapan bolmaly».

29-njy iýulda senatorlar Elizabet Worren we Adam Şiff ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasyna täze hyzmatyň häzirki kanunçylyga gabat gelýändigini barlamak haýyşy bilen ýüzlenme iberdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.