ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz administrasiýasynyň amerikan tehnologiýa kompaniýalaryna köp milliardlyk jerimeleriň bellenilmegi bilen baglylykda Ýewropa Bileleşigine garşy derňew işini başlaýandygyny aýtdy.
Ak tamyň Baştutany Truth Social sosial torundaky habarynda ÝB-niň bu hereketini «talama» diýip atlandyrdy we onuň netijeleri barada duýdurdy:
«Ýewropa Bileleşigi bu bikanun we etika laýyk gelmeýän hereketleri üçin örän ýokary bahany tölär, men olara bu hereketleriň getirjek netijeleri barada birnäçe gezek duýdurypdym. Ähli jerimeler doly ýatyrylar we biziň garaşyşymyz ýaly, gysga wagtyň içinde olara [ÝB] garşy uly göwrümli gümrük paçlary giriziler».
Şeýle kesgin beýanatlaryň sebäbi Ýewrokomissiýanyň ÝB-niň sanly düzgünlerini bozandygy üçin Google-a 890 million ýewro jerime salmak baradaky çözgüdi boldy. Tramp Google-a bellenen jerimeleriň umumy möçberiniň eýýäm 18 milliard dollardan geçendigini ýatlatdy. Ol şeýle hem beýleki kompaniýalara garşy girizilen sanksiýalary agzap geçdi: Apple «hiç zat üçin» 15 milliard dollar, Meta 3 milliard dollar, Amazon bolsa 2,5 milliard dollar jerimä sezewar edildi.
Ozal ABŞ 60 ýurtdan, şol sanda ÝB-den getirilýän harytlara 10%-den 12,5%-e çenli möçberde gümrük paçlaryny tassyklapdy. Trampyň administrasiýasynyň mälim etmegine görä, bu döwletler mejbury zähmet ulanylyp öndürilen harytlaryň importyna gadaganlygy ýeterlik derejede ulanmaýar.