Hindistanyň ýaşaýjysy Renu Dhariýal häzirki wagtda zenanlaryň arasynda saçynyň uzynlygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri onuň saçyny ölçäp, uzynlygynyň 2,69 metre ýetýändigini anykladylar.
Dhariýal 2015-nji ýyldan bäri saçyny kesdirenok. Ol saçyny ösdürmegine hindileriň öňden gelýän uzyn saçyň gözelligiň gözbaşydygyny ündeýän däp-dessurlarynyň täsir edendigini aýdýar.

Täze rekordçynyň görkezijisi ukrainaly Aliýa Nasyrowanyň öň goýan rekordyndan (2,57 metr) öňe geçdi.
Dhariýalyň aýdyşy ýaly, uzyn saça seretmek üçin kän wagt we sabyr-takat gerek. Saçy ýuwup-daramagyň özüne-de birnäçe sagadyň gidýär.

Ol saçyna ideg etmek üçin himiki serişdeleri ulanmaýar. Oňa derek özi dürli ýaglary we şampunlary taýýarlaýar. Dhariýal gyzyklanýanlar üçin olaryň taýýarlanyş usullaryny özüniň YouTube kanalynda hem paýlaşýar.
Dünýä taryhynda iň uzyn saçly aýal diýen adalgany henizem hytaýly Ksi Kwiping eýeleýär. Onuň saçynyň uzynlygy 5,627 metre ýetýär. Bu görkeziji Ginnesiň rekordlar kitabyna 2004-nji ýylyň maýynda girizilipdi. Kwiping saçyny 1973-nji ýyldan, 13 ýaşyndan bäri ösdürip gelýär.

Ksiniň rekordyny henizem hiç kime ozup geçmek başardanok. Emmä saçynyň soňky gezek ölçeg edilenine kän wagt geçdi. Ginnesiň düzgünleri boýunça «häzirki günüň» rekordçysy bolup galmak üçin wagtal-wagtal gaýtadan ölçegden geçmeli. Ksi Kwiping bu düzgüni berjaý etmeýäni sebäpli (megerem, halys irip, saçyny kesdirendir, bu barada anyk maglumat ýok), rekord häzirki wagtda saçyny resmi taýdan hasaba aldyrýan başga zenanlara geçirilýär.