Ispaniýaly türgen edil Gün tutulmasynyň öňünde skeýtde böküp, internet ýyldyzy boldy

13.08.2026, 19:329,296
1 / 5

Ispaniýaly skeýtbordçy Denni Leonyň doly Gün tutulmasynyň edil öňünde skeýtde ýerine ýetiren hokgasynyň wideosy birnäçe sagadyň dowamynda internedi «ýardy». Türgeniň paýlaşan wideosyna bir günden az wagtyň içinde tas 93 million gezek tomaşa edildi we 9,5 milliondan köp laýk basyldy.

Leon 12-nji awgustyň agşamsy syn edilen Günüň doly tutulma pursatynda skeýti bilen rampada böküşi ýerine ýetirdi. Ol wideony özüniň «Instagram» sahypasynda ýerleşdirdi.

Wideonyň aşagynda türgen taslamanyň üstünde işlän topara minnetdarlyk bildirdi we ýazgynyň geçirilişi barada soňrak giňişleýin gürrüň berjekdigini aýtdy.

Denni Leon 1994-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Madridde dünýä indi. Ol 2013-nji ýylda Barselonada geçen sportuň ekstremal görnüşleri boýunça «X Games» ýaryşyna gatnaşandan soň meşhurlyk gazandy. Karýerasynyň dowamynda skeýtbording boýunça dünýä çempionatlarynda, «Dew Tour» we «X Games» ýaryşlarynda çykyş etdi.

2022-nji ýylda Leon dyzynyň atanak şekilli bognunda ikinji operasiýany geçirdi. Alty aýa çeken bejergiden soň ol professional sporta gaýdyp geldi.

2024-nji ýylda skeýtbordçy «WST Dubai Park» ýaryşynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Leon iki gezek Olimpiýa oýunlarynda Ispaniýa wekilçilik etdi. 2020-nji ýylda Tokioda «park» ugry boýunça dokuzynjy, 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiadada bolsa ýigriminji orny eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.