Ispaniýa dünýä çempiony boldy! Argentinany tas derwezä golaýlatman ýeňdiler

Düýn, 07:1012,768
1 / 19

Ispaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Argentinadan üstün çykyp, taryhda ikinji gezek tituly eýeledi. ABŞ-yň Nýu-Jersi şäherinde geçirilen oýun goşmaça wagtda ýewropalylaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýun Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň doly we mese-mälim artykmaçlygy astynda geçdi. Garşydaşlygyň 120 minutynyň dowamynda Luis de la Fuenteniň şägirtleri argentinalylaryň derwezesine 20 zarba (12-si takyk derweze içine) urdular. Argentina bolsa oýnuň diňe iň soňunda bary-ýogy iki gezek jogap berip bildiler, emma Unai Simonyň goraýan derwezesiniň içine ýekeje gezek hem top gönükdirmegi başarmadylar.

Birinji ýarym göreş astynda geçdi

Oýun berk goranyşa üns berlip, iki topar tarapyndan hem ätiýaçlyk bilen başlandy. Ilkinji howply pursat 5-nji minutda ýüze çykdy: Lamin Ýamalyň howply urgusyndan soň argentinalylaryň derwezebany Emiliano Martines topy aýagy bilen yza gaýtardy.

Ispaniýa topa has köp eýelik etdi (62%), ýöne günorta amerikalylar berk gorandylar. 44-nji minutda Argentina ýitgi çekmeli boldy — myşsa şikesi sebäpli goragçy Lisandro Martines meýdany terk etdi, onuň ornuna toparda köp ýyl bäri oýnap gelýän Nikolas Otamendi meýdana çykdy. Ilkinji 45 minut golsuz tamamlandy.

Duşuşyga tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly meşhur şahslar, şol sanda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, aktýorlar Mett Deýmon, Tom Kruz, Edrien Broudi we Hawýer Bardem dagylar, ençeme sport we medeniýet ýyldyzlary syn etdiler.

Arakesmäni aýdym-saz çykyşlary we mahabat üçin barybir süýndürdiler

FIFA ýene öz kadasyna-däbine ikilik edip, aýdym-saz çykyşlary we mahabat görkezmek üçin arakesmäni tas iki esse diýen ýaly süýndürip, 27 minuda ýetirdi.

Stadionda (Ronaldonyň we Ronaldinýonyň goldamagynda) Madonna, Gustawo Dudameliň orkestri, BTS keý-pop-topary, Jastin Biber, repçi Burna Boy we aýdymçy Şakira çykyş etdiler. Geljekde şeýle «Halftime show» çäreleriniň dünýä çempionatlarynyň finallary üçin täze däbe öwrülmegine garaşylýar.

Ikinji ýarym: argentinalylaryň azlykda galmagy we Martinesiň halasgärligi

Arakesmeden soň Argentinanyň düzüminde meýdança Leandro Paredes çykdy. Ol oýuna girip-girmänkä ýakasyny tanadyp, Olmo bilen gödek çaknyşygy üçin sary kart aldy. Ispaniýa hüjüm etmegini dowam etdirdi: Olmo, Pedri, Kubarsi we Ýamal howply pursatlary döretdiler, emma Emiliano Martines yzly-yzyna öz derwezesinden «belany» sowdy.

Esasy wagtyň iň möhüm wakasy 90+3-nji minutda boldy: Argentinanyň ýarymgoragçysy Enso Fernandes ispan goragçysy Pau Kubarsä garşy gödek oýnany üçin ikinji sary kartyny alyp, oýny terk etmeli boldy.

Azlykda Messiniň topardaşlary üçin ýagdaý has-da kynlaşdy.

Hasap hatda 90+9-nji minutda Ýamalyň uran jerimesinden soň hem açylyp bilýärdi, emma Emiliano Martines owadan böküşde topy daşyna çykaryp, oýny owertaýma (goşmaça wagta) geçirdi.

Goşmaça wagt: Ferran Torresden altyn gol

Goşmaça wagtyň birinji ýarymynda ispanlar Niko Wilýamsyň tagallasy bilen gol urdular, emma emin Slawko Winçiç jerime meýdançasynyň içinde Mikel Merino goragçy Otamendiniň aýagyny basandygy sebäpli goly ýatyrdy.

Oýnuň ykbalyny çözen pursat 106-njy minutda ýüze çykdy: sag ganatdan jerime meýdançaň beýleki tarapyna uçup gelen topy Niko Wilýams kellesi bilen merkeze gönükdirdi, ol ýere ylgap gelen Ferran Torres topy güýç bilen depip, ony derweze sütüniniň aşagyna «çüýledi» — 1:0.

Eýýäm owertaýma goşulan wagtda, tutuş oýnuň dowamynda diňe bir goranyp, hüjüme çykyp bilmedik Argentina iki gezek howply pursat döretdi. 120-nji minutda ispanlaryň goragçysy Lionel Messiniň beren pasyny gol bilen tamamlamaga taýyn duran Markos Senesiniň öňüni iň soňky pursatda almagy başardy. 120+2-nji minutda Messiniň burçdan ugradan topuny Juliano Simeone 11 metrlik nokadynyň golaýyndan depip, ony derwezeden has ýokary uçurdy.

Duşuşyk tamamlanan badyna meýdanda dawa başlandy. Leandro Paredes ispanlaryň oýny ätiýaçda geçiren oýunçysy Gawini südenekledip ýykdy. Gödekligi üçin Paredese gyzyl kart görkezildi. Argentinanyň baş tälimçisi Lionel Skaloni oýunçylary köşeşdirip, aralamak bilen boldy.

Argentinalylaryň kapitany Lionel Messi garşydaşlary bilen elleşip çykanyndan soň, sylaglama dabarasyna garaşyp, meýdançada galdy. Onuň diňe boýnuna kümüş medal asylyp, ýaryşyň baş baýragynyň duşundan geçeninden soň gözünden ýaş paýrap akyp başlady.

Bu dünýä çempionatlarynyň taryhynda ispanlar üçin ikinji üstünlik. Birinji gezek olar 2010-njy ýylda çempion bolupdylar. Gazanan titullarynyň sany boýunça olar indi Fransiýa we Urugwaý bilen deňleşdiler. Argentinanyň hasabynda bolsa üç çempionlyk bar. Bulardan has köp çempionlygy diňe Italiýa, Germaniýa (hersi dört gezek) we Braziliýa (bäş gezek) gazanmagy başardy.

Indiki ýaryş 2030-njy ýylda 3 ýurtda – Ispaniýada, Portugaliýada we Marokkoda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.