Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 20-nji iýulda milli ýygyndy toparlaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Indi bu sanawyň başyny Luis de la Fuenteniň ýolbaşçylygynda DÇ-2026-nyň finalynda Argentinanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utup, iki gezek dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň ýygyndysy çekýär.
Bu üstünligiň netijesinde ispanlar argentinalylardan öňe geçip, birinji orna çykdy. Üçünji orny Fransiýanyň ýygyndysy saklap galdy. Beýleki esasy üýtgeşmeler: Meksikanyň ýygyndysy 1/8 finala çykmagy netijesinde 14-nji orundan 10-njy orna çenli ýokary galdy we Germaniýany ilkinji onlukdan çykardy.

FIFA-nyň reýtingindäki ilkinji 10 topar (20-nji iýuldaky ýagdaýa görä):
1 (ozal – 2). Ispaniýa — 1995,88
2 (1). Argentina — 1970,37
3 (3). Fransiýa — 1948,97
4 (4). Angliýa — 1922,83
5 (6). Braziliýa — 1804,92
6 (7). Marokko — 1803,99
7 (5). Portugaliýa — 1787,85
8 (9). Belgiýa — 1778,36
9 (8). Niderlandlar — 1775,54
10 (14). Meksika — 1754,30
Türkmenistan 1078,65 utuk bilen reýtingde öňki 141-nji ornuny saklaýar.
Finalçylaryň rekordlary we anti-rekordlary

Opta Sports statistika portalynyň habar bermegine görä, Ispaniýanyň ýygyndysy bu dünýä çempionatynda goragyň ygtybarlylygy boýunça dünýä çempionlarynyň arasynda absolýut rekord goýdy: geçirilen sekiz oýnuň dowamynda topar diňe birje goly sypdyrdy. Mundan öňki iň gowy görkeziji ýaryşda sypdyrylan iki gol bolup, ony Italiýa (1990), Fransiýa (1998) we Ispaniýanyň özi (2010) saklaýardy.
Öz gezeginde, Argentinanyň ýygyndysy dünýä birinjilikleriniň finallarynda anti-rekord görkezdi: aýgytly duşuşygyň esasy wagtynyň dowamynda latyn amerikan wekilleri garşydaşyň derwezesine tarap bir gezek hem zarba urup bilmedi.
DÇ-2026-nyň baýrak gaznasy we gatnaşyjylar üçin tölegler
Ýaryşyň aýgytly oýnunda toparlar diňe bir çempionlyk ugrunda däl, eýsem rekord derejeli pul baýragy ugrunda hem bäsleşdi. Owertaýmdaky ýeňiş Ispaniýanyň ýygyndysyna umumylykda 53,5 million dollar (taýýarlyk üçin tölegleri hasaba almak bilen) getirdi.

Ýaryşyň finalçysy Argentina 36,5 million dollar gazandy. Bürünç baýragyň eýesi bolan Angliýanyň toparyna 32,5 million dollar, dördünji orny eýelän Fransiýa bolsa 30,5 million dollar berildi.
Beýleki tapgyrlar üçin tölegleriň paýlanylyşy şeýle görnüşde boldy:
- 1/4 finalyň gatnaşyjylarynyň her birine — 22,5 million dollar.
- 1/8 finala ýeten toparlara — 18,5 million dollar.
- 1/16 finalyň gatnaşyjylaryna — 14,5 million dollar.
- Toparlaýyn tapgyrda çykyşyny tamamlan ýygyndylara — 12,5 million dollar.
Ilkibaşda FIFA dünýä çempionatynyň umumy baýrak gaznasyna 727 million dollar (şonuň 655 million dollary göni pul baýraklaryna we 72 million dollary — her ýygyndy topara 1,5 million dollardan — taýýarlyk işlerine) bölüp bermegi meýilleşdiripdi, bu bolsa Katardaky DÇ görkezijilerinden eýýäm 50% ýokarydy. Emma ýaryşyň ýokary täjirçilik netijeleri arkaly aprel aýynda FIFA ahyrky gaznany ýene 15% artdyryp, 871 million dollara ýetirdi. Netijede, her bir ýurduň ýaryşa taýýarlyk görmegi üçin berilýän pul tölegleri 1,5 million dollardan 2,5 million dollara çenli ýokarlandy.