Finala ilkinji bolyp adyny ýazdyrmak bagty Ispaniýanyň milli ýygyndysyna nesip etdi. Olar bu üstünlige Arlington şäherindäki (ABŞ) «AT&T» stadionynda Fransiýaň ýygyndysy bilen duşuşykda 2:0 hasabyndaky gazanan ýeňişinden soň eýe boldylar
1/2 final duşuşygy salwadorly emin Iwan Bartonyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary dolandyrdy.
Ilkibada fransuzlaryň depgini pesem däldi, emma 10-15 minutdan soň ispanlar öz isleýän oýnuny edip başlady.

Oýnuň 20-nji minutynda Fransiýanyň jerime meýdançasynda oýnuň iň aýgytlaýjy pursatlarynyň biri ýüze çykdy: fransuz goragçysy Lýuka Din howada topy daşlaşdyrjak bolup, oňa derek ylgap gelen Lamin Ýamalyň aýagyna depdi. Emin ýakynda bolansoň, birjik-de ikirjiňlenmän 11 metrdäki nokada görkezdi.
Penaltini ýerine ýetiren Mikel Oýarsabal güýçli zarba bilen topy orta beýiklikden derwezäň sag tarapyndan girizdi. Fransuzlaryň derwezebany Maýk Menýan topuň ugruna görä bökse-de, ony gaýtaryp bilmedi — 1:0. Bu gol baskly futbolçynyň şu dünýä çempionatyndaky 5-nji goly boldy.

30-njy minutda goragdaky esasy oýunçysynyň şikes almagy bilen fransuzlaryň ýagdaýy has-da kynlaşdy – Wilýam Saliba zat ýok ýerde şikes aldy. Onuň ýerine Maksans Lakrua meýdança girdi. Bu mejbury çalyşmadan soň fransuzlaryň oýny göz-görtele gowşady.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda ispanlar öz üstünliklerini has-da berkitdiler. 58-nji minutda Pedro Porro ýönekeýje «diwar» usulynda Dani Olmo bilen paslaşyp, sag gyradan atylyp jerime meýdançasyna girdi we topy güýçli urgy bilen Menýanyň deňinde geçirip, hasaby 2:0 etdi.

Fransiýanyň ýygyndysy seňselän ýaly boldy. Edil ikinji goluň yzýany Lamin Ýamal jerime meýdançasynda iki garşydaşyny aldap geçip, topy derwezäniň uzak burçuna gönükdirdi. Emma oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli bu gol hasaba alynmady.

Duşuşygyň galan wagtynda iki topar hem hüjüm etmäge synanyşsa-da, beýle bir howply ýagdaýam döremedi, hasabam üýtgemedi.

Duşuşygyň iň gowy futbolçysy diýlip ikinji goly uran Pedro Porro yglan edildi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 7 oýunda 11:1 gol tapawudy bilen DÇ-2026-nyň ilkinji finalçysy boldy.
Häzirki wagtda DÇ-2026-nyň iň netijeli 5 hüjümçisi:
- Lionel Messi (Argentina) — 8 gol;
- Kilian Mbappe (Fransiýa) — 8 gol;
- Erling Holand (Norwegiýa) — 7 gol;
- Harri Keýn (Angliýa) — 6 gol;
- Jud Bellingem (Angliýa) — 6 gol.
Golaýda geçiriljek 1/2 final oýnunyň anonsy
Ýaryşyň ikinji finalçysy Angliýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlener.
Bu oýun Atlanta şäherinde 16-njy iýula geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.