DÇ-nyň finaly: Ispaniýa bilen Argentinanyň duşuşygyndan nämelere garaşyp bolar?

Düýn, 15:1310,974
1 / 10

Şu gije bize soňky dört ýylyň iň esasy oýny – Ispaniýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygy garaşýar. Oýun ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «Metlaýf» stadionynda geçiriler. Bu ägirt uly arena öz içine bagty gelen 82 566 janköýeri sygdyrmaga ukyply.

Oýun 20-nji iýula geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Ilkinji jürlewük sesi ýaňlanmazdan 1,5 sagat öň, ýaryşyň resmi ýapylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Türkmenistan Sport» we «Матч ТВ» teleýaýlymy final duşuşygyny göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirer.

Ýygyndylarda oýunçy ýitgileri-hä ýok. Şonuň üçin baş tälimçiler Lionel Skaloni we Luis de la Fuente özleriniň resmi meýilnamasyndaky ähli futbolçylara bil baglap bilerler.

Ýygyndylaryň finala çenli geçen ýoly

Ispaniýa: «H» toparynda Kabo-Werde bilen deňme-deň oýnap (0:0), soňra Saud Arabystanyny (4:0) we Urugwaýy (1:0) ýeňip, jemi 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Pleý-off tapgyrynda bolsa Luis de la Fuenteniň şägirtleri Awstriýany (3:0), Portugaliýany (1:0), Belgiýany (2:1) we Fransiýany (2:0) öýlerine gaýtarmagy başardy.

Argentina: «J» toparynda Alžiri (3:0), Awstriýany (2:0) we Iordaniýany (3:1) utup, ýitgisiz 9 utuk bilen birinji boldy. Utulan-çykdy tapgyrynda Lionel Skaloniniň topary Kabo-Werdeden (goşmaça wagtda 3:2), Müsürden (3:2), Şweýsariýadan (goşmaça wagtda 3:1) we Angliýadan (2:1) üstün çykdy.

Özara duşuşyklaryň statistikasy

Taryha göz aýlasak, taraplar özara 14 gezek duşuşypdylar, emma olaryň agramly bölegi ýoldaşlyk duşuşyklarydy. Dünýä çempionatlarynda bolsa bäsdeşler ýekeje gezek – baryp-ha 1966-njy ýylyň çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynda gabatlaşdylar (şonda Argentina 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy).

Şu ýylyň martynda Ispaniýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary degişlilikde Ýewropanyň we Günorta Amerikanyň çempionlary hökmünde «Finalissima» kubogynda duşuşmalydylar. Oýun Katarda geçirilmelidi, emma Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi sebäpli oýun resmi taýdan ýatyryldy.

Garaşylýan final duşuşygynda «Opta» superkompýuteri Ispaniýany ýeňiji bolmaga golaý hasaplaýar we onuň ýeňiş gazanmak mümkinçiligine 59,46% diýip baha berýär (Argentinanyňky bolsa 40,54%). Bukmekerler hem ispanlaryň çempionlygyna 1,65, argentinalylaryň üstünligine bolsa 2,25 koeffisient hödürleýärler.

Eminler topary

Duşuşygyň baş emini wezipesine sloweniýaly Slawko Winçiç bellenildi. Onuň kömekçileri Tomaž Klançnik we Andraž Kowaçiç bolar. Dördünji emin – Adham Mahadme, ätiýaçlyk emin bolsa Mohammad Al-Kalaf (ikisi hem Iordaniýadan).

Şu ýaryşda Winçiç eýýäm üç oýunda eminlik etdi: Braziliýa – Marokko (1:1), Iordaniýa – Alžir (1:2) we Meksika – Ekwador (2:0).

Ispaniýa onuň eminligindäki 5 oýunda 3 ýeňiş gazandy we 2 gezek deňme-deň oýnady (2017-nji ýylda Kolumbiýa bilen 2:2, Ýewro-2020-de Şwesiýa bilen 0:0, Milletler ligasy-2023-de Italiýa bilen 2:1, Ýewro-2024-de Italiýa bilen 1:0 we Fransiýa bilen 2:1).

Sloweniýaly emin argentinalylaryň oýnuna bolsa diňe bir gezek — DÇ-2022-de, olaryň Saud Arabystanyndan utulan (1:2) duşuşygynda eminlik etdi. Şol oýunda Winçiç Günorta Amerikaly toparyň peýdasyna penalti belläpdi.

Taryhy üstünlikler girewe goýuldy

Finalyň ýeňijisi öz adyny taryha altyn harplar bilen ýazar:

Argentina, eger ykbal oňa gülüp baksa, öz taryhynda dördünji gezek dünýä çempiony titulyny gazanyp biler we 1962-nji ýyldan bäri planetanyň iň güýçli ýygyndysy adyny yzygiderli iki ýaryşda goramagy başaran ilkinji ýygynda öwrüler (iň soňky gezek bu Braziliýa 1958-nji we 1962-nji ýyllarda başardypdy).

Ispaniýa ýeňiş gazanan ýagdaýynda ikinji gezek dünýä çempiony bolar (birinji tituly olar 2010-njy ýylda gazanypdylar. Iniestanyň uran goly ýadyňyzdadyr).

Şeýle hem, bu jübütiň ýeňijisi XXI asyrda dünýä çempionatyny iki gezek utmagy başaran ilkinji milli ýygyndy bolar.

Argentinalylaryň lideri Lionel Messi dünýä çempionatlarynyň taryhynda özüniň üçünji final oýnunda meýdança çykar (2014-nji we 2022-nji ýyllardan soň). Mundan öň şeýle sepgide diňe braziliýaly Kafu, Pele we «towşandiş» Ronaldo, şeýle hem nemes futbolçylary Pýer Littbarski we Lotar Matteus ýetipdiler. Şu gezek argentinleriň kapitanynda Kafunyň taryhy rekordyny gaýtalamaga-da mümkinçiligi bar. Sebäbi diňe Kafu üç final oýnunyň hemmesinde meýdança çykypdy. Çünki Pele 1962-nji ýylyň finalyny şikesi sebäpli sypdyrypdy, Ronaldo bolsa 1994-nji ýylda ätiýaçlyk oturgyjynda galdy, Littbarski 1986-njy ýylyň, Matteus hem 1982-nji ýylyň aýgytly oýunlaryna gatnaşyp bilmedi.

Arakesmedäki şüweleň we ýapylyş dabarsy

Stadiondaky we ekranyň öňündäki janköýerlere uly göwrümli şüweleňli tomaşa garaşýar. Oýundan 1,5 sagat öň DÇ-2026-nyň resmi ýapylyş dabarasy başlanar. Oňa Tom Kruz, Laura Pauzini, Nikol Şerzinger, Robbi Wilyams we meşhur bloger IShowSpeed gatnaşar. Oýnuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň döwlet senasyny «Oskar», «Emmi», «Gremmi» we «Toni» baýraklarynyň eýesi Jennifer Hadson ýerine ýetirer. Şüweleňiň hedlaýneri bolsa aýdymçy Post Malone bolar.

Oýnuň arakesmesinde 30 minutlyk ajaýyp tomaşa meýilleşdirilýär. Onuň guramaçysy «Coldplay» toparynyň frontmeni Kris Martin boldy. «Metlaýf» stadionynyň sahnasyna Madonna, Şakira, BTS topary we Jastin Biber çykarlar. Pop-ýyldyzlardan başga-da, programmada nigeriýaly aýdymçy Burna Boý, dirižýor Gustawo Dudamel, «PS22 Chorus» mekdep hory, şeýle hem dünýä belli «Sezam köçesi» we «Mappet-şou» ýaly çagalaryň halaýan gahrymanlary çykyş ederler.

Wannajykdaky bäbeklikden finaldaky garşydaşlyga: täsin suratlaryň kyssasy

Finalyň öňüsyrasynda hemmeler aldygyna 2007-nji ýylyň taryhy arhiw suratynyň gürrüňini edýär. Ol suratda 20 ýaşly Lionel Messi bäş aýlyk bäbejik Ýamaly ýuwundyryp otyr.

Bu fotosessiýa 2007-nji ýylyň dekabrynda «Diario Sport» gazetiniň UNICEF guramasy bilen bilelikde çykaran ýörite haýyr-sahawat senenamasy üçin düşürilipdi. Suratçy bolsa Žoan Montfortdy. Lamin Ýamalyň maşgalasy şol wagtlar Barselonanyň golaýyndaky Mataro şäherçesinde, has takygy, işçileriň we immigrantlaryň ýaşaýan Rokafonda etrapçasynda ýaşaýardy. Maşgala bu fotosessiýa gatnaşmak hukugyny UNICEF-iň ýerli ýaşaýjylar üçin guran bije oýnunda utupdy. Suratlaryň birinde oglanjygyň ejesi Şeýla Ebanu hem bar.

Suratçynyň ýatlamagyna görä, şol wagt ýaş Messi bäbegi nädip dogry tutmalydygyna düşünmän gaty aljyrapdyr.

Indi bolsa, ondan 19 ýyl geçenden soň, bu ikisi dünýä çempionatynyň finalynda meýdançada biri-birine garşy durarlar. Häzir Lamin Ýamal 19 ýaşynda, ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynda oýnaýar we eýýäm Ýewro-2024-iň çempiony bolmagy, şeýle hem «Barselona» bilen Ispaniýanyň çempionatyny (üç gezek), ýurduň Kubogyny we iki gezek Superkubogyny utmagy başardy. Lionel Messiniň bolsa golaýda 39 ýaşy doldy.

Garaşylýan duşuşygyň öňüsyrasynda Nýu-Ýorkda geçirilen «FIFA Fanatics Fest» çäresinde Messi şol fotosessiýa barada şeýleräk ýatlap geçdi:

«Biziň ol suratymyz gaty täsin. «Durmuş» diýilýäni boldy. Ol entek bäbekkä bile surata düşüpdik, indi bolsa ikimiz dünýä çempionatynda ýüzbe-ýüz bolýas. Lamin örän zehinli oýunçy, men onuň oýunlaryny üns bilen yzarlaýan, sebäbi ol meniň söýýän klubumda oýnaýar, men oňa elmydama iň gowy arzuwlary edýän. Özüňiz bilýäňiz, ol 19 ýaşynda dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri boldy. Öňde bolsa onuň tutuş karýerasy dur.».

Şu ýerde 2004-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli katalonlaryň esasy düzüminde oýnan Messiniň ispan futbolçylarynyň tutuş bir nesli üçin nusgawy gahrymandygyny-da bellemek gerek. Şondan ugur alsaň, häzirki milli ýygyndyda rowaýaty futbolçy bilen çagalyk suraty bolan ýeke-täk adam Ýamal däldir.

«Barselonaň» akademiýasyndan çykan Gawi hem arhiwinde Messi bilen düşen çagalyk suratyny saklaýar. Argentinaly ýyldyz bilen başdan geçen şuňa meňzeş ýagdaý Ispaniýanyň hüjümdäki esasy oýunçylarynyň biri Dani Olmoda hem bar. 

Dünýä çempionatynyň finalynyň öňüsyrasynda, garaşylýan aýgytly duşuşygyň ähmiýetini göz öňünde tutanyňda, bu köne suratlar futbolçylar üçin düýbünden başgaça, has çuň we aýratyn bir manyly ýaly bolubam görünýändir. Şägirtler halypasyndan ozdurarmy?.. Şu gije bu soragyň jogabyny alarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.