Belgiýada işçiler 9 million ýewrolyk altynyň üstünden bardylar: özlerine aldylarmy?

18.08.2026, 12:2712,288
1 / 3

Belgiýanyň Sint-Gillis-Was şäherinde abatlaýyş işleri geçirilen mahaly gurluşykçylar gizlenip goýlan altyn tapdylar. Onuň deslapky bahasy 9 million ýewro barabar.

Tapyndy XIX asyryň ahyrynda piwo zawodynyň eýesi Teofilus Wan Assha degişli bolan jaýyň ýerzemininde tapyldy. Häzirki wagtda bu taryhy bina CAW Oost-Vlaanderen sosial ýardam guramasynyň zerurlyklary üçin täzeden üýtgedilip gurulýar.

Drenaž turbalaryny geçirmek tapgyrynda gurluşykçylar gönüden-göni ýerzeminiň diwarynda gizlenen torbanyň üstünden bardy. Onuň içinde belgilenen altyn tokgalary, şaýy pullar we metal bölekleri bar eken.

«Biz duýdansyz ol ýerde bir zadyň ýatandygyny gördük. Ilki men olara 1 ýewrolyk teňňedir öýtdüm. Gazyp başladyk. Soňam altyn tokgasyny gördük. Garaşýanymyzdan uly zat bolup çykdy» – diýip, işçileriň biri, Kobe atly talyp gürrüň berdi.

Onuň kärdeşi, CAW-yň wekili Gert Hillaert beýle hazynanyň üstünden barjagyny göz öňüne-de getirmändigini boýun aldy:

«Adaty sişenbe gününiň ertiri işläp ýörkäň beýle zada garaşaňok. Altyn, hakykatdanam, diwarda gizlenen eken — seýfde ýa-da şoňa meňzeş bir zatda däl».

Polisiýa bu gymmatlyklary alyp, resmi barlag tamamlanýança olary Brýusseldäki goragly bir ýere geçirdi. Gündogar Flandriýanyň prokuraturasy bolsa hazynanyň kanuny eýesini tapyp, baýlygyň jenaýatçylykly gelip çykyşy baradaky çaklamany aradan aýyrmak üçin derňew işine başlady.

Prokuratura wekili Hanne Ollewiriň düşündirişi ýaly, bu iş gurluşyk firmasy hem-de sosial gurama bilen birlikde Wan Assheniň nesilleriniň hem dalaş edip biljek çylşyrymly raýat dawasyna öwrülip biler.

Belgiýanyň kanunçylygyna görä, kanuny mirasdüşerlere (mysal üçin, jaýa eýeçilik eden Wan Assheniň nesillerine) hazyna bolan hukugyny talap etmek üçin 5 ýyl wagt berler. Eger hiç kim gelmese, gymmatlyklar ony tapanlaryň (gurluşyk kompaniýasynyň) we jaýyň eýesiniň arasynda paýlaşylar.

CAW guramasy eger altyn özlerine berilse, serişdeleri öýsüzler üçin goşmaça ýerleri döretmäge gönükdirmek meýilleriniň bardygyny aýtdylar. Işçileriň özleri bolsa şeýle tapyndyň üstünden baryp, hiç zat ýaşyrmandyklary üçin sylag puluna tamakin.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.