Fransiýada çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek hakyndaky kanun petiklendi

18.08.2026, 17:552,889

Fransiýanyň Ýokary kazyýeti 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek baradaky kanun taslamasyny petikledi. Resminama 1-nji sentýabrdan güýje girmelidi diýip, «Reuters» habar berýär.

Kanun taslamasy 15 ýaşdan kiçi şahslaryň sosial torlarda akkaunt döretmegini gadagan etmegi göz öňünde tutýardy. Eýýäm açylan sahypalary bolsa platformalaryň özi dört aýyň dowamynda ýapmalydy. Şeýle hem platformalary ýaşy barlamak ulgamyny girizmäge borçlandyrmak meýilleşdirilipdi.

Fransiýanyň Konstitusion geňeşi bu kanun taslamasynyň ýaşy tassyklamagyň haýsy şertlerde we çäklerde amala aşyrylmalydygyny kesgitlemeýändigi baradaky netijä geldi. Şeýle hem resminama şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi, pikiriňi erkin beýan etmek we aragatnaşyk saklamak hukuklaryny bozýar.

Fransiýanyň kanun çykaryjylary resminamany iýul aýynda tassyklapdy. Ol güýje girse, Fransiýa sosial torlary 15 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin gadagan eden ilkinji Ýewropa ýurdy bolardy.

Dünýäde bolsa ilkinji bolup şeýle çäklendirmeleri Awstraliýa girizdi, ol ýerde geçen ýylyň dekabryndan bäri 16 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin «Facebook», «Snapchat», «TikTok», «YouTube» we birnäçe beýleki platformalara girmek gadagan edildi. Häzirki wagtda Awstraliýanyň häkimiýetleri bu gadagançylygy bozandygy üçin jogapkärçiligi güýçlendirmek mümkinçiligine seredýär.

Şeýle kanunlary Indoneziýa, Türkiýe, BAE, Malaýziýa we beýleki döwletler hem kabul etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.