Howply güýmenje: Marselde uçut gaýalardan bökmek ýoň boldy

16.08.2026, 18:189,256
1 / 2

Fransiýanyň Marsel şäherinde 2006-njy ýyldan bäri 3 metrden ýokary belentlikden suwa bökmek gadagan edilen hem bolsa, ýaşlaryň we syýahatçylaryň arasynda uçut gaýalardan deňze bökýänleriň sany gitdigiçe artýar. Bu barada Euronews habar berýär.

Şäher häkimiýetleri howply ýerleriň gözegçiligini güýçlendirýärler we şeýle böküşler üçin howpsuz ýörite meýdançalary döretmegi maksat edýärler.

​Ýaşlaryň suwa böküşleriniň wideolary sosial ulgamlarda işjeň paýlaşylýar, şol sebäpdenem bu howply güýmenjä bolan höwes barha güýçlenýär.

​«Men munuň bilen şu ýyl meşgullanyp başladym. Häzir ýaşlaryň hemmesi şu tarapa yňan ýaly. Biz şol bir tirkeşýän dostlarymyz bolup, ilki birek-biregi ruhlandyrýarys, soňam böküp goýberýäris» – diýip, Marseliň ýaşaýjysy Dede gürrüň berýär.

​«Bu biziň eýýäm üçünji gezek böküp görýän ýerimiz. Bärde-de bökýän kän eken. Gaty hezil. Bökýänleriň köpüsiniň ýerli ýaşaýjylardandygyny görmek bize ynam berýär. "Eger şolar şeýle arkaýyn bökýän bolsalar, gorkara zat ýokdur" diýen pikir döreýär, şonuň üçinem özümizi howpsuz duýýas» — diýip, Germaniýadan gelen syýahatçy Dominik paýlaşýar.

​«Internetde gaýadan bökýänleriň wideosyny görenimden soň mende-de şeýtmäge höwes döredi. Meniň bilen bökýän ýerli dostlarymam bar. Maňa bärik gelmegi maslahat berenem şolar. Onsoň menem geldim-de bökmäge başlaýdym» – diýip, Şweýsariýadan gelen syýahatçy Romen gürrüň berýär.

Gyzyklanma herniçik uly bolsa-da, bu güýmenjäniň töwekgelçiligi-de ýeterlikdir. Suwuň ýalpaklygy, suw astyndaky daşlar, güýçli akym bökýäniň janyna howp salyp biler. Häkimiýetler hem muny tassyklap, her ýyl birnäçe adamyň agyr şikes alýandygyny aýdýarlar.

«Gaty belent bolany üçin biz bu zolaga aýratyn üns berýäris. Howp, esasan, suwa çümýän wagtyň döreýär. Şol sebäpli biz bärini berk göz astynda saklap başlarys. Ýetginjekleriň gaýdyp gelmezligi üçin süýrgünortanam aýlanyp durarys» — diýip, Marseliň etrap polisiýa bölüminiň başlygy Selin Leflefýan aýdýar.

Häkimiýetler diňe bir jerime salmak bilen oňmak islemeýär. Olar düzgün bozujy ýaşlary jezalandyrmagyň ýerine, howply ýagdaýlar barada düşündiriş berýän ýörite söhbetdeşliklere gatnaşmagy maslahat berýärler. Şeýle hem halas edijileriň gözegçiligi astynda bökmek üçin ýörite meýdançalary döretmek barada hem maslahatlaşylýar.

​Mundan daşgary, şäher geňeşi ýaşlara şeýle hezillikleriň howply tarapy barada gürrüň bermek üçin blogerleriň gatnaşmagynda sosial ulgamlarda çäre geçirmegi meýilleşdirýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.