Ilon Mask Grok Imagine x Homer’s Odyssey Contest atly bäsleşige badalga berdi. Oňa gatnaşyjylar Gomeriň «Odisseýa» poemasynyň äheňinde wideo döretmeli. Baş baýrak 100 müň dollara barabar.
Işleri Grok Imagine enjamynyň kömegi bilen döretmeli we X sosial ulgamynda paýlaşmaly.
Arzalary kabul etmek 17-nji awgustda başlandy we 2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanar. Bäsleşik ABŞ-nyň 50 ştatynyň we Kolumbiýa etrabynyň kämillik ýaşyna ýeten ýaşaýjylarynyň arasynda geçirilýär. X, SpaceX, SpaceXAI, Cursor we olara dahylly kompaniýalaryň işgärleri we olaryň dogan-garyndaşlary bu bäsleşige gatnaşyp bilmezler.
Iň ýokary baha alan üç işiň awtoryna 100 müň, 50 müň we 25 müň dollar möçberinde baýraklar berler. Bir gatnaşyjy tarapyndan berilýän arzalaryň sany çäklendirilýän däldir, emma her bir iş özboluşly bolmaly we hut Grok Imagine-niň kömegi bilen döredilmeli.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Grok Imagine arkaly degişli wideogörnüşi döretmeli we bellenilen möhletde X ulgamynda ýerleşdirmeli.
Iýul aýynda Mask neýroulgamyň kömegi bilen Gomeriň poemasynyň «taryhy taýdan takyk we asyl nusgasyna gabat gelýän» doly göwrümli ekranlaşdyrmasyny döretmek niýetiniň bardygyny yglan edipdi. Ondan öň milliarder ençeme gezek Kristofer Nolanyň «Odisseýa» boýunça täze filmi üçin aktýor saýlanyşyny yzygiderli tankytlady. Ol döredijileri taryhyň zyýanyna bolan aşa göz ýumujylykda aýyplady. Şeýle-de Mask muňa jogap edip, filmiň EA tarapyndan döredilen, ähli gahrymanlary akýagyz kişiler bolan görnüşini repost etdi we özüniň «dogruçyl» kino çykarjakdygyna söz berdi.
Häzirki bäsleşik hem ulanyjylara şol tema boýunça özbaşdak wideo döretmegi teklip edýär.