UFC 332 ýaryşy iň köp nokaut boýunça rekord goýdy

Şu gün, 13:181,232
1 / 5

ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherinde geçirilen UFC 332 ýaryşy promouşeniň rekordyny täzeledi. Ol bir agşamda iň köp nokaut hasaba alnan ýaryş hökmünde UFC-niň taryhyna girdi.

14 söweşiň 11-si nokaut ýa-da tehniki nokaut (TKO) bilen tamamlandy. Şolaryň 9-sy eýýäm ilkinji raundda bolup geçdi.

Iň çalt ýeňşi amerikaly Entoni Wint gazandy. Ol watandaşy Lukas Armandy bary-ýogy 23 sekuntda boýun egdirdi.

Agşamyň esasy söweşinde Nataliýa Silwa bilen Sun Wang duşuşdy. Braziliýaly söweşiji zenan eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiş gazanyp, ozal Walentina Şewçenko degişli bolan çempionlyk guşagynyň eýesi boldy.

Esasy kardyň netijeleri

  • Nataliýa Silwa — Sun Wang: Silwa eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiş gazandy (48–47, 48–47, 49–46). Braziliýaly söweşiji UFC-niň iň ýeňil agram kategoriýasynda boş duran çempionlyk guşagyny gazandy.

  • Peýton Telbott — Deýweson Figeýredu: Telbott birinji raundda TKO bilen ýeňdi. Ol UFC-niň öň iki gezek iň ýeňil agramda çempiony bolan Figeýredu garşy tutluşygy 2:09-da tamamlady.

  • Esteban Ribowiks — King Grin: Ribowiks birinji raundda 4:08-de TKO bilen ýeňiş gazandy.

  • Roberto Soldiç — Haos Wilýams: Soldiç ikinji raundda tehniki nokaut (TKO) bilen ýeňdi.

  • Roman Kopylow — Ateba Gotýe: Kopylow birinji raundda TKO bilen ýeňiş gazandy.

Agşamyň iň gowy çykyşlary üçin dört söweşijä — Jonny Wolkere, Roman Kopylowa, Damian Pinasa we Imanol Rodrigese 100 müň dollardan baýrak berildi.

Mundan başga-da, Peýton Telbott, Markus Makgi, Entony Wint, Jeýkob Smit, Aleksandr Ernandes we Erik Nolan wagtyndan öň gazanylan ýeňiş üçin 25 müň dollarlyk goşmaça bonus gazandylar.