Mekdebiň talabalaýyk gurulmanlygy Pakistanda agyr pajyga sebäp boldy

15.10.2026, 23:1410,663
1 / 2
15-nji oktýabrda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde hususy mekdebiň üçegi ýykyldy. Harabalyklaryň aşagynda ikinji we üçünji synpda okaýan okuwçylar galdy.
Pajyganyň netijesinde 34 çaga we bir mugallym heläk boldy, 50-ä golaý adam şikes aldy. Ýaralananlaryň käbiriniň ýagdaýy agyr diýlip bahalandyrylýar.
Keselhananyň maglumatyna görä, pida bolanlaryň we ýaralananlaryň aglabasy 6-dan 12 ýaşa çenli çagalar, olaryň arasynda iň ulysy 14 ýaşynda eken.
Halas ediş toparlary ýumrulan mekdebe bäş minudyň içinde gelip ýetdi. Harabalyklary arassalamak işleri birnäçe sagatdan soň tamamlandy.
Associated Press agentliginiň habar bermegine görä, Pakistanda gurluşykda köplenç hili pes materiallaryň ulanylmagy sebäpli binalaryň çökmegi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, bu gezekki pajyga ýurduň taryhynda şuňa meňzeş iň uly hadysa boldy.
Polisiýa binanyň gurluşygynda ýol berlen kemçilikleriň üçegiň çökmeginiň esasy sebäbi bolandygyny mälim etdi. Mekdebiň eýesi tussag edildi. Ol bolan pajyga üçege düşýän agramy artdyran ýagyşlaryň sebäp bolandygyny aýdýar.
Ýerli häkimiýetler pajyganyň sebäplerini derňemek üçin ýörite komissiýanyň döredilendigini habar berdiler.