Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda berekediň baýramy bolan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň edermen daýhanlaryny, hasyl ussatlaryny we watandaşlaryna bu baýram mynasybetli gutlady.
Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan neşir edildi. Onda döwlet Baştutany ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtalýar.
Prezident şu ýyl gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrandygyny aýratyn belläp geçdi.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow oba zähmetkeşleriniň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, agronomlardyr bagbanlaryň netijeli işlemekleri we toprakdan bol hasyl almaklary üçin ýurtda munda beýläk hem giň şertleriň dörediljekdigini, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynjakdygyny, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik üpjün ediljekdigini nygtady. Önüm öndürijiler tarapyndan tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçiriljekdigi hem aýratyn bellenip geçilýär.
«Döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerini, goldaw-kömeklerini, ýeňilliklerini ýakyndan duýup, zähmet çekmek üçin ähli tagallalar ediler. Türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns berler. Bereketli toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamagy, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hasyl ussatlaryna ata-babalaryň miras goýan daýhançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.