Infantino DÇ gatnaşýan ýygyndylaryň sanyny artdyrmak pikirinden dändi

Şu gün, 12:301,739

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino täze möhlete gaýtadan saýlanan ýagdaýynda dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň sanyny artdyrmak pikirinden ýüz öwürjekdigini mälim etdi. Ol bu barada federasiýanyň ýolbaşçy düzümine habar berdi diýip, The Times ýazýar.

Neşiriň aýtmagyna görä, FIFA-nyň ýolbaşçysy 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň sanyny 48-den 64-e ýetirmek baradaky teklibini dowam etdirmäge meýilli däl. Bu başlangyjy ilkinji bolup 2025-nji ýylda Günorta Amerika Futbol Konfederasiýasy (CONMEBOL) öňe sürüpdi. Emma bu pikir Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) we Aziýa futbol konfederasiýasy (AFC) ýaly beýleki guramalaryň goldawyny tapmady.

2026-njy ýylyň tomsunda Infantino bu meselä ýene-de dolanyp geldi. «The Times» şol wagt bu başlangyjyň öňe sürülmegini dünýä çempionatynyň teleýaýlym hukuklarynyň bir bölegini hususy maýadarlara satmak meýilnamasy bilen bagly ýüze çykan dawa-jenjelden soň, kiçi we orta derejeli futbol assosiasiýalarynyň goldawyny gazanmak islegi bilen düşündiripdi.

2030-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionaty Ispaniýada, Portugaliýada we Marokkoda geçiriler. Ýaryşyň 100 ýyllygy mynasybetli onuň üç duşuşygy Argentinada, Urugwaýda we Paragwaýda oýnalar.

2026-njy ýylda dünýä çempionatyna gatnaşýan ýurtlaryň sany 32-den 48-e çenli artdyryldy. Netijede, Kabo-Werdäniň, Kýurasaonyň, Iordaniýanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylary ilkinji gezek bu ýaryşa gatnaşdy.

Janni Infantino 2016-njy ýyldan bäri FIFA-nyň prezidenti wezipesini eýeleýär. Federasiýanyň indiki prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň ýazynda Marokkoda geçiriler.