BYD öz Rolls-Royce-yny görkezdi: 5,6 metrlik bu ulagyň bahasy 312 müň dollar

Şu gün, 16:543,372
1 / 13

Hytaýyň BYD konserni Abu-Dabide Rolls-Royce Ghost we Mercedes-Maybach S-Class ýaly kaşaň awtoulaglar bilen bir hatarda goýuljak Yangwang Altior elektrik sedanyny tanyşdyrdy.

Hytaýda Shanhe Dingyun ýörite tapgyryna degişli awtoulaglar üçin deslapky sargytlar kabul edilip başlandy. 399 awtoulagdan ybarat tapgyryň deslapky bahasy 2,08 million ýuana, ýagny, takmynan, 312 müň dollara barabardyr.

Altior modeliniň uzynlygy 5,6 metr bolup, ol dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Onuň aýratyn mümkinçilikleriniň hatarynda duran ýerinde 360 dereje öwrülmek, leňňeç ýaly gapdala hereket etmek, şeýle hem ýokary tizlikde barýarka teker deşilen ýagdaýynda durnuklylygy saklamak bar. Awtoulagyň depesinde täze nesil God’s Eye sürüjä kömek ulgamynyň lidary ýerleşdirildi.

Sedan 1000 woltluk elektrik arhitekturasy esasynda gurlup, Blade kysymly ikinji nesil batareýa bilen üpjün edildi. Öndürijiniň maglumatyna görä, awtoulag CLTC ölçeg usuly boýunça bir gezekki zarýad bilen 1000 kilometrden gowrak ýol geçip bilýär. Kompaniýa awtoulagyň 1 MWt-dan ýokary kuwwatly zarýad beriş ulgamyny goldaýandygyny hem belleýär. Emma hut Altior modeliniň zarýad beriş aýratynlyklary häzirlikçe doly aýan edilmedi.

Awtoulagyň salonynda elektrik arkaly sazlanýan we owkalama funksiýasy bolan aýratyn kürsüler, iki sany oturdylan sowadyjy hem-de diagonaly 21,4 dýuým bolan üstki displeý ýerleşdirildi. Ses ulgamynyň işini bolsa 39 sany dinamikaly Dynaudio audioulgamy üpjün edýär.