Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň 7–8-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen kuraş boýunça XV dünýä çempionatynda iki medal gazandy.
90 kg çenli agram derejesinde bäsleşen Ylham Kemalow kümüş medala eýe boldy. Aýgytly tutluşykda Ylham Täjigistandan gelen türgen Haknazar Nazarowdan ýeňildi.
66 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Gadyr Agamämmedow bolsa dünýä çempionatynyň bürünç medalyny aldy.

Dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça, umumy sanawda 13 medal bilen Özbegistan birinji orny eýeledi. Ikinji orunda 10 medal bilen Gazagystan ýerleşdi. Üçlügi alty medal gazanan Täjigistanyň ýygyndysy jemledi.