Polşanyň Prezidenti Karol Nawroskiý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa 80 ýaş toýy mynasybetli ýantar bilen bezelen kürsi sowgat berdi. Bu barada Polşanyň TVN24+ neşiri mälim etdi.
Sowgat baryp-ha, Nawroskiniň 14-nji iýunda Waşingtona amala aşyran saparynyň dowamynda gowşurylypdyr. Şol gezekki sapar ABŞ-da Trampyň 80 ýaş toýy we Amerikanyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllygy mynasybetli dabaralara gabat gelipdi.

Aslynda, Polşanyň prezidentiniň kanselýariýasy Nawroskiniň Trampa iki peşgeş, ýagny resmi we şahsy sowgat berjekdigini ondan öň hem habar beripdi. Ýöne soňra sowgatlaryň diňe biri barada maglumat peýda boldy. Ol hem, ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Waşingtonda gurulmagy meýilleşdirilýän dabaraly arka üçin niýetlenen mermer plitasydy.
Ikinji sowgat barada bolsa indi dil ýaryldy. Trampa ýantar bezegleri we Amerikanyň nyşanlary bilen bezelen kürsiniň gowşurylandygyny TVN24+ neşirine anyklamak başartdy. Žurnalistler eýýäm ony «ýantar tagt» diýip atlandyrdylar.

Kürsini Sopot şäherinde ýaşaýan, ýantar işlemek boýunça meşhur polşaly ussa Lýusýan Myrta ýasapdyr. Ol bu işi üçin alan muzduny açyk aýtmakdan saklanýar.
Nawroskiniň administrasiýasynyň Halkara syýasat boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Marçin Pşidaç hem şeýle sowgadyň gowşurylandygyny tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, kürsi Trampda uly täsir galdyrypdyr. Emma Pşidaç hem sowgat we onuň bahasy baradaky maglumatlaryň näme üçin turuwbaşdan gizlin saklanandygyny düşündirmedi.