19-njy noýabrda Awazada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurda gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Taraplar GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Lebedew Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň möhüm ornuny belledi we mejlisiň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazadaky duşuşygyň parlamentara gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy, energetikany, infrastrukturany we halkara ulag geçelgelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boljakdygyny nygtady.
Şeýle hem ol GDA-nyň işine gatnaşmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Assosirlenen agza derejesine eýe bolan Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleri bilen ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, ulagda we energetikada gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar GDA-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.