Şu ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahat we sergi hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu çärelere jemi 300-den gowrak halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de 600-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylmagyna görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda sergide sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýa ugurlary boýunça täze innowasion çözgütleriň görkeziljekdigini nygtady.
Forumyň çäginde Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşigi tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan «Emeli aň we innowasiýa bilen, Türkmenistanyň sanly geljegini emele getirmek» atly okuw maslahatlary geçiriler. Şeýle hem ulag ulgamynyň geljegi, multimodal üstaşyr geçelgeler, howa gatnawlarynyň durnuklylygy we maýa goýum çekmek boýunça çykyşlar guralar.
Çäreleriň çäginde «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler sylaglanar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata düýpli taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.