Türkmen söweşijisi Abbas Abasow LFA 247 ýaryşynda Lukas Ganinden üstün çykdy

Şu gün, 14:06212
1 / 3

Türkmenistanly MMA söweşijis Abbas Abasow ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçirilen Legacy Fighting Alliance (LFA) 247 ýaryşynda argentinaly Lukas Ganinden üstün çykdy.

65,8 kilograma çenli ýarym ýeňil agram derejesindäki tutluşyk ikinji raundda tamamlandy. Abasow boguş usulyny ulanyp, garşydaşyny söweşi dowam etdirmekden ýüz öwürmäge mejbur etdi.

28 ýaşly türkmen türgeni üçin bu professional karýerasyndaky ýedinji ýeňiş boldy. Onuň hasabynda bir ýeňliş hem bar. 30 ýaşly Lukas Ganin bolsa bu tutluşykda dördünji gezek ýeňildi. Ol mundan öň dokuz gezek ýeňiş gazanypdy.

«Men UFC-de çykyş eden ilkinji türkmen söweşijisi bolmak isleýärin» diýip, Abasow tutluşykdan soň aýtdy.

Türgen yzly-yzyna üç gezek möhletinden öň ýeňiş gazanandan soň, öz maksady barada açyk aýdyp bilýändigini belledi. UFC-ä geçmek başartmasa, Abasow LFA-da çykyş etmegini dowam etdirip, ýarym ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda göreşmegi maksat edinýär.

Iýun aýynda Abasow Las-Wegasda geçiriljek ýaryşda UFC promouşenine geçmek baradaky teklipden ýüz öwrüpdi. Şol wagt ol munuň sebäbini sosial torlarda düşündiripdi:

«Men doly taýýarlykly ýagdaýa gelenimden soň özümi görkezesim we Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyrasym gelýär».

Abasow ABŞ-nyň Florida ştatyndaky American Top Team klubunda türgenleşýär.