Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti, döwrebap maglumat tehnologiýalaryny we sanly infrastruktura ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Bu barada döwlet Baştutanynyň«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC – 2026) hem-de «Türkmentel — 2026» sergi-forumlaryna gatnaşyjylara iberilen gutlagynda aýdylýar:
«Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat merkezlerini, giň zolakly internet üpjünçilik ulgamlaryny, bulutlaýyn tehnologiýalary we zatlaryň internetini kämilleşdirmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Emeli aň tehnologiýalaryny önümçilikde, ulag-logistika ulgamlarynda, maglumatlary seljermekde, döwlet dolandyryşynda netijeli ulanmak hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär».
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda «Elektron hökümet» ulgamyny ösdürmek, döwlet hyzmatlaryny sanly görnüşe geçirmek we maglumat ulgamlarynyň özara sazlaşykly işlemegini üpjün etmek görkezildi. Kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmak we milli sanly başarnyklary ösdürmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet Baştutany öýjükli aragatnaşyk torlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, 4G+ we 5G tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýetini hem nygtady.