Dubaýda sargytlar dron arkaly eltiler

Düýn, 11:072,374
1 / 3

Dubaýyň Nad Al Sheba we Sobha Hartland etrapçalarynyň ýaşaýjylary tagamlary we beýleki harytlary dronlar arkaly sargyt edip bilerler. Täze hyzmaty Keeta Drone kompaniýasy Dubaýda geçirilen Geljegiň hepdeliginde (Dubai Future Week) tanyşdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda dron bukjany Sobha Hartland etrapçasyndan Geljegiň muzeýine çenli eltdi. Hyzmatyň haçan işe giriziljekdigi entek belli däl. Ilkibaşda ol diňe käbir etrapçalarda elýeterli bolar.

Eltip bermek üçin M-Drone 4L kysymly dronlardan peýdalanmak meýilleşdirilýär. Olar 4,5 kg çenli ýüki bilen 20 km çenli aralygy geçip bilýär. Ortaça tizligi sagatda 43 km deň bolan bu enjamlar gijelerine hem uçmaga ukyplydyr. Dronlar sargydy binanyň üstünde saklanyp, ýüp arkaly aşak düşürer.

Keeta Drone kompaniýasy Sobha Realty gurluşyk kärhanasy bilen ýaşaýyş toplumlarynda bu hyzmaty ýola goýmak barada ylalaşyk baglaşdy. Ilkinji bolup Keeta goşundysy arkaly sargydy Sobha Hartland-yň ýaşaýjylary berip biler.

Kompaniýa häzirki wagtda hem Dubai Silicon Oasis, RIT University Dubai-da we Dubai Land Residential Complex-de dron arkaly eltip bermek hyzmatyndan peýdalanýar. Emma ol ýerlerde sargytlary almak üçin ýörite nokatlar göz öňünde tutulandyr.

Keeta kompaniýasynyň bellemegine görä, dronlar adaty çaparlaryň ornuny tutman, eýsem, olaryň işini ýeňilleşdirer. Bu usul gysga aralyklara awtoulagly gatnawlaryň sanyny azaltmaga, şeýle hem tomsuň yssysynda işleýän eltip berme hyzmatynyň ýüküni ýeňletmäge mümkinçilik berer.

Geljekde kompaniýa dronlar arkaly seýilgählere, kenarýaka dynç alyş zolaklaryna we beýleki köpçülikleýin ýerlere hem sargytlary eltip bermegi meýilleşdirýär. Munuň üçin şol ýerlerde ýörite sargyt kabul ediş nokatlary dörediler.