teamLab Halkara sungat topary «Catching and Collecting Extinct Forest» atly täzelenen interaktiw taslamasyny köpçülige hödürledi. Bu taslama ýitip ýok bolup giden haýwanlaryň sanly şekilleri bilen gurşalan wirtual tokaýdan ybaratdyr.
Täze ekspozisiýa 21-nji noýabrda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherindäki muzeýleriň birinde açyldy.
Taslama ilkinji gezek 2025-nji ýylda Tokiodaky «teamLab Planets TOKYO» sungat giňişliginde işe girizilipdi. Ol «Tut, ýygna hem-de öwren» ýörelgesine esaslanýar.

Bu taslama gelýänlere wirtual tokaýyň içinde gezelenç etmäge, şeýle hem onda ýaşaýan ýaly şekillendirilen, ýöne aslynda bireýýäm ýok bolup giden haýwanlary tutmaga mümkinçilik berýär. Ýöne bu-da ýeňil-ýelpaý iş däl. Sebäbi sanly haýwanlar özlerini adamlaryň hereketlerine görä alyp barýarlar. Adam golaýlaşanda ýa-da olara elini ýetirmäge synanyşanda, haýwanlar gaçyp ýa-da gelýän adama tarap öwrülip bilýär.
Haýwanlary tutmak üçin gatnaşyjylar öz smartfonlarynyň kameralaryndan we wirtual «barlagçy gözi» atly ýörite guraldan peýdalanýarlar. Mundan başga-da, poluň üstüne sanly «barlag toruny» zyňmak hem mümkin. Şeýle-de haýwany tutmak üçin birnäçe adam bilelikde hereket edibem bilýär.

Tutulan her bir haýwan sanly kolleksiýa kitabyna goşulýar. Bu kitap arkaly onuň aýratynlyklary, ýaşaýyş durmuşy we beýleki gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak bolýar. Isleseň, tutan haýwanyňy ýene-de wirtual tokaýa goýberibem bolýar. Munuň üçin smartfonyň ekranynda haýwanyň şekilini barmagyň bilen süýşürip, ony tokaýyň içinden saýlan ýeriňe goýberäýmeli.
Bu täsin interaktiw taslamanyň gowy tarapy, oýun görnüşindäki güýmenjäniň üsti bilen birwagt ýok bolup giden haýwanlar barada maglumatlary bilmek we olaryň aýratynlyklaryny öwrenmek mümkinçiligini utgaşdyrýanlygydyr.