Aşgabatda ýaşlaryň 133-sine baýrak gowşuryldy

Düýn, 19:592,848

16-njy noýabrda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada THP habar berýär.

Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de ýaşlar gatnaşdy.

Ilki bilen, gatnaşyjylar ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmelere we ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan sergini synlady. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen eserlerine möhüm orun berildi.

Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy ýaşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň edebi-sazly çykyşlary bilen açyldy. Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanynyň guramanyň agzalaryna we baýragyň eýelerine iberen Gutlagy okaldy.

Şu ýyl baýraga ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 558-isi hödürlenildi. Şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde hem-de ykdysadyýetde ýokary netijeleri gazanan ýaşlaryň 133-üsi Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Olara şahadatnamalar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şanly sene mynasybetli dabara dürli çykyşlar bilen utgaşdy.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul etdi. Soňra bu ýerde toý sadakasy berildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi.