Türkmenistanda innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

14.03.2021, 15:508,677

Türkmenistanda täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça Sanly çözgüt — 2021» atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemi «Türkmentel — 2021» atly halkara serginiň çäklerinde jemlener.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Öwezow bäsleşigi geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Belläp geçsek, geçen ýyl geçirilen «Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we hünärmenleriň 100-den gowrak taslamasy hödürlenildi. Häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli, ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.