Beýik Britaniýa orbitadaky zibilleri ýygnamak üçin kosmos gämisini döredýär

18.04.2021, 13:394,743

«Astroscale Holdings Inc.» startapy orbitadaky zibilleri ýygnamak üçin niýetlenen kosmos gämisini uçurmagy maksat edinýär. Enjam kosmos galyndylaryny ýygnamak üçin awtomatik el bilen üpjün ediler diýip, Bloomberg habar berýär.

Hususan-da, işlenip düzülýän kosmos gämisi hatardan çykan hemralary toplar. Soňra bolsa planetanyň atmosferasynda ýanar ýaly, olary Ýere tarap ugrukdyrar. «Astroscale Holdings Inc.-iň» wekilleri bu maksatnamanyň kömegi bilen kosmosy zibillerden arassalap, orbital giňişligi howpsuz edip biljekdiklerine ynanýarlar.
Häzirki wagtda Beýik Britaniýa «Galileo» taslamasyny hem işjeň ösdürýär. Bu taslamanyň geljekde ABŞ-nyň GPS ulgamyna Ýewropanyň alternatiwasy boljakdygyna ynam bildirilýär diýip, çeşme habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.