R.Meredow gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

04.07.2021, 19:443,452

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew telefon arkaly gepleşikleriň barşynda özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny şeýle-de taraplaryň ikisiniň hem ýokary derejede gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler.
Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar we syýasy-diplomatik ugur, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi hem nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.