Türkmenistanda söwda gämi gatnawlaryny gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi tassyklanyldy

18.08.2021, 12:3112,149

Türkmenistanda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýewiň we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy A.Haýytmyradowyň buýrugy bilen halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan deňiz gämi gatnawlarynyň, şeýle hem olaryň daşaýan harytlarynyň we ulag serişdeleriniň gümrük resmileşdirmesiniň täze Tertibi tassyklanyldy.

Täze Tertibe laýyklykda, gämi gatnawlarynyň Türkmenistanyň gümrük çägine gelen pursatyndan we ondan gidýänçä gümrük gözegçiliginiň we resmileşdirmesiniň umumy düzgünleri kadalaşdyrylýar.

Resminamanyň mazmuny bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.