Döwlet daşary ykdysady iş banky Yslam Korporasiýasyna agza bolmak bilen işleri geçirer

28.08.2021, 13:017,915

Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň adyndan Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmak we bellenen tertipde resmileşdirmek bilen bagly işleri geçirer. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. 

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyza maliýe serişdelerini çekmekde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.