Türkmenistanyň biržasynda 4 million 322 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

13.09.2021, 19:506,651

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 322 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine float aýnasy ýerlenildi. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 122 müň 850 dollaryna deň bolan portland sementi satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.