Ýerewanyň köçelerinde türkmen baýdagy parlaýar

25.09.2021, 08:2115,948

Şu günler Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň merkezi köçelerinde ýerleşdirilen uly ekranlarda türkmen baýdagy parlaýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda görkezilýän fleş-moby iki günlük synlap bilerler.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu özboluşly aksiýa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýerewan şäheriniň häkimliginiň hem-de şäheriň Karen Demirçýan adyndaky metropoliteniniň ýardam bermeginde fotosergi gurapdy. Şonda Ýerewan metrosynyň degişli stansiýasynda ýerleşdirilen fotopannolar arkaly şäheriň ýaşaýjylarydyr myhmanlary Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşleri, medeni gymmatlyklarydyr däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.