Makgregor oktagona dolanýandygyny mälim etdi

01.11.2021, 10:2514,402

Iki agram derejesinde UFC-iň öňki çempiony Konor Makgregor öz Instagram sahypasynda şikesden gutulyp, oktagona gaýdyp gelýändigini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

“Ýene-de düşekçede ilkinji gezek! Nähili lezzet!  Topar, öňe! Dostum Arnold Şwarseneggeriň aýdyşy ýaly: "Men gaýdyp gelerin!". Öçli dolanaryn! Operasiýadan soň kän wagt geçmänkä aýaga galdyrandyklary üçin ähli lukmanlara we toparyma sag bolsun aýdýaryn!.. Sportuň taryhynda iň beýik gaýdyp gelişe taýyn boluň!" - diýip, Makgregor ýazdy.

Makgregor soňky gezek UFC 264-de amerikaly Dastin Porýe garşy söweşe çykypdy. Duşuşyk birinji raundda tamamlandy we netijede irlandiýaly söweşiji aýagyny döwdürip, agyr şikes alypdy. Ol henizem kemsiz aýaga galyp, oktagona çykmagyň üstünde işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.