Donald Tramp taekwondoda gara guşagyň eýesi boldy

26.11.2021, 19:3511,018

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki Prezidenti Donald Tramp taekwondo boýunça gara guşagyň 9-njy danynyň eýesi boldy. Bu barada musavat.com habar berdi.

Ýakynda Taekwondonyň Bütindünýä  ştab-kwartirasynyň - Kukkiwon merkeziniň ​​prezidenti Li Dong Seop Donald Trampyň Mar-a-lagodaky öýüne baryp, oňa bu gara guşagy hem-de onuň şahadatnamasyny sowgat etdi.

"Donald Trampyň taekwondo sportuna gaty uly gyzyklanma bildirýändigini eşitdim" - diýip, Li belledi.

Öň, Donald Tramp Taekwondonyň Bütindünýä  ştab-kwartirasynyň prezidentinden gara guşagyň 9-njy danyny alansoň Ak tama dolansa, ABŞ-nyň Kongresinde söweş sungaty geýimini geýjekdigini aýdypdy.

"Bu hormatly şahadatnamany almak meniň üçin uly hormat we şatlykdyr. Taekwondo biziň döwrümizde özüňi goramak üçin ajaýyp söweş sungatydyr" - diýip, Tramp belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.