Türkiýäniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşyk geçirdiler

27.11.2021, 19:566,608

Şenbe güni, 27-nji noýabrda Aşgabatda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Mewlýut Çawuşogly bilen Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

«Gadyrdan doganym Jeýhun Baýramow bilen sebitdäki soňky ýagdaýlary maslahatlaşdyk. Bilelikdäki tagallalary dowam etmegi ylalaşdyk» - diýip türk ministri Twitter sahypasynda ýazýar.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 27-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada geldiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.