YHG-nyň sammitine gatnaşmak üçin Pakistanyň Prezidenti Aşgabada geldi

28.11.2021, 11:469,280

27-nji noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Ýokary derejeli myhmany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde resmi garşy almak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.