W.Hajiýew BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory bilen duşuşdy

08.12.2021, 23:535,472

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Duşanbe şäherinde BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory Jehangir Han bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara ulgamynyň berkidilmeginde, bu ugurda halkara tagalalaryň birleşdirilmeginde Türkmenistan bilen BMG-niň, şol sanda onuň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.