Türkmen biržasynda geçen hepdede 103 geleşik hasaba alyndy

14.12.2021, 19:474,258

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 989 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 240 million 84 müň manada deň bolan "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.