Türkmen diplomatlary bolýan ýurtlaryndaky epidemiologik ýagdaýlar barada habar berdiler

22.12.2021, 11:527,713

21-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar çykyşlarynda özleriniň bolýan ýurtlarynda epidemiologik ýagdaýa ünsi çekip, döwlet, sebit we dünýä derejesinde amala aşyrylýan COVID-19-a garşy göreşmek hem-de onuň durmuş-ykdysady, ynsanperwer jähetlerden täsirini azaltmak boýunça çäreleriň usullarydyr görnüşleri barada habar berdiler.
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň esasy bilermenleri we hünärmenleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli pikir hem-de tejribe alyşmagyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.