Türkmenistan Özbegistana harytlary eksport etmekde öňdeligi eýeleýär

02.01.2022, 10:169,173

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistana harytlaryny eksport etmekde ilkinji onluga girmegi başardy. Bu barada Trend agentligi Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.

Bellenilen döwürde Özbegistana türkmen eksportynyň möçberi 450 million dollara deň boldy.
Özbegistana eksport möçberi boýunça Türkmenistandan öňde Russiýa ($4,7 mlrd), Hytaý ($4,4 mlrd), Gazagystan ($2,4 mlrd), Koreýa Respublikasy ($1,6 mlrd), Türkiýe ($1,4 mlrd) we Germaniýa ($614 mlrd) bar.
Umuman, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilinde (18,7 milliard dollar) importy 19,6 göterim artdyryp, 22,4 mlrd dollara ýetirdi.

2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistana esasy eksport ediji ýurtlar:

Ýurt

Eksportyň möçberi
(müň. doll.)

Russiýa

4 731 465,6

Hytaý

4 406 889,4

Gazagystan

2 480 823,2

Koreýa Respublikasy

1 633 401,1

Türkiýe

1 499 628,8

Germaniýa

614 588,7

Türkmenistan

450 609,8

Ukraina

419 914,5

Hindistan

410 676,8

Litwa

396 907,7

Italiýa

357 200,7

ABŞ

332 035,8

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.