Türkmenistan Gazagystandaky ýagdaýlar üçin aladalanýar

06.01.2022, 20:2034,230

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy maglumat ýaýradýar.

Bellenilişi ýaly, köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategik hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

"Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys" diýip ýaýradylan maglumatda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.