Eýranyň Prezidenti Tähranda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetini kabul etdi

09.01.2022, 22:5013,050

9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigi barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. 

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Eýranyň birinji Wise-prezidenti Mohammad Mohber bilen duşuşygynyň dowamynda bolsa ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.