Türkmenistanda şu ýyl gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri 50450 gektar artdyryldy

11.01.2022, 12:505,945

10-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de häkimler şu günlerde alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri şu günlerde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça görülýän çäreler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek babatdaky meseläni hemişelik üns merkezinde saklamalydygyny belledi. Şeýle-de türkmen Lideri gök-bakja ekinlerini ekmek üçin niýetlenen ýerleriň şu ýyl 50 müň 450 gektar artdyrylyp, onuň jemi 106 müň gektara ýetirilmegiň meýilleşdirilýändigini nygtap, munuň ýurtda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ünsi çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.