Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarda geçen ýylda ýol berlen kemçilikler barada açyk gürrüň etdi

12.01.2022, 22:2925,464

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly  Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin mejlisiň barşynda türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarda geçen ýylda ýol berlen kemçilikler barada açyk gürrüň edip, tiz wagtda olaryň öňüni almak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.