Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy

12.01.2022, 22:3130,072

12-nji ýanwarda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly  Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmen Lideri bu wezipä polisiýanyň maýory Wepaly Ataýewi belläp, ony Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatdy. Resminama bilen, polisiýanyň maýory Merdan Muhammetmyradow bolsa Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.