2022-nji ýylda Türkmenistanda 106 müň gektarda ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler

15.01.2022, 16:149,358

Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, 14-nji ýanwardaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Habar berlişi ýaly, şu ýylda Türkmenistan boýunça sebitleriň toprak-howa şertleri nazara alnyp, dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektara barabardyr. Şeýle hem 106 müň gektar meýdanda ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.