S.Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Umurzakow bilen duşuşdy

17.01.2022, 23:1521,159
1 / 3

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Bu barada mfa.gov.tm saýty habar berýär.

Gepleşiklerde söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredip geçdiler.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Daşkent şäherine amala aşyrylan saparynyň dowamynda ylalaşylan türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmeginiň ähmiýeti babatynda bellenildi. Şeýle-de, ulag we energetika pudaklarynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy barada nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.